Bazar siziň eliňizde

BIRLIK — Türkmenistan boýunça ilkinji, satyn alyjy we üpjün ediji taraplary biri-birine gönümel baglamak arkaly sargytlary awtomatlaşdyrýan B2B sanly ulgamdyr.

hero-image

Birlik — Söwdany sanly dolandyryşa geçirýär

Üpjün edijiler bilen alyjylaryň arasynda täze nesil platforma

icon
Sanly sargyt ulgamy

Indi telefon jaňlary bilen edilýän sargytlar yzda galsyn. Birlik bilen sargytlaryňyz gönümel üpjün edijä barsyn.

icon
Täze müşderiler we bazar

Üpjün edijiler üçin Türkmenistan boýunça giň bazara çykalga, täze mümkinçilikler, täze dükanlar, marketler, restoranlar we beýleki lomaý alyjylar.

icon
Giň saýlaw we üpjünçilik

Ähli üpjün edijileriň, dilerleriň we birinji el satyjylaryň harytlary bir ýerde. Harytlar iň amatly bahalary bilen eliňiziň aşagynda.

icon
Doly gözegçilik we netije

Satyjy we Alyjy taraplar üçin doly kontrol, tiz iş prosesi wagty we çykdajylary tygşytlaýar, netijeliligi artdyrýar.


content-image

Birlik — B2B söwda üçin döwrebap çözgüt

Birlik — Türkmenistanda üpjün edijiler bilen alyjylaryň arasynda bolup geçýän adaty söwda proseslerini sanly ulgama geçirýän platformadyr. Telefon jaňlary we torgowylar arkaly amala aşyrylýan sargytlaryň ýerine has döwrebap, tiz, tertipli we netijeli iş gurşawyny döredýär.

  • Platforma arkaly üpjün edijiler täze müşderilere çykýar we öz bazaryny giňeldýär, alyjylar bolsa ähli harytlary bir ýerden aňsat tapyp, göni sargyt edýär. Şeýlelik bilen, iki tarap üçin hem iş prosesi ýeňilleşýär we wagt tygşytlanýar.

  • Birligiň maksady — Türkmenistanda söwda ulgamyny döwrebap derejä çykarmak, üpjün edijiler üçin täze mümkinçilikleri döretmek we alyjylar üçin amatly, ygtybarly sanly sargyt gurşawyny üpjün etmekdir.

Hasabatlar we seljeriş

Sargytlaryňyz we çykdajylaryňyz boýunça doly maglumat alyň. Haýsy harytlaryň köp alynýandygyny we nirede tygşytlap boljakdygyny görüň — ähli maglumatlar göz öňüňizde.

Söwdanyň täze mümkinçilikleri

Birbada birnäçe üpjün edijä sargyt etmek we öňki sargytlaryňyzy sanlyja sekuntda gaýtalamak mümkinçiliklerinden peýdalanyň. Ähli prosesi bitewi platformada dolandyrmak bilen, siz işiňizi has-da çaltlandyryp bilersiňiz. Telefon jaňlaryna garaşyp wagt ýitirmäň — indi ähli zat tiz, aňsat we ýönekeý.

  • Satyn alyjy tarap üçin Birlik müňlerçe harytlary bir ýerde tapmak mümkinçiligini berýän uly witrina hyzmatyny ýerine ýetirýär

  • Üpjün edijiler artykmaç zähmet sarp etmezden, ýurduň islendik künjegine öz harytlaryny hödürläp bilýärler

content-image

Birligiň getirýän ýeňillikleri

Bir sebetde birnäçe üpjün edijiden harytlar

Ulanyjy dürli üpjün edijilerden harytlary saýlap, bir sargytda birleşdirip bilýär. Her haryt degişli üpjün edijä awtomatiki bölünýär, bu bolsa birnäçe ýerden sargyt etmegi ýönekeýleşdirýär. Öňki sargytlary gaýtalamak, halan harytlary saklamak we gündelik satyn alyşy tiz ýerine ýetirmek mümkin.

feature-image
Sargyt, müşderi we logistika dolandyryşy

Üpjün edijiler ähli sargytlary bir panelde kabul edýär we olaryň ýagdaýyny (kabul edildi, taýýarlanýar, ýolda, ýerine ýetirildi) real wagtda dolandyrýar. Sürüjiler üçin kartaly ulgam arkaly sargytlaryň marşruty görkezilýär. Bu bolsa eltip bermek prosesini tizleşdirýär, ýalňyşlyklary azaldýar we hyzmatyň umumy netijeliligini ýokarlandyrýar.

feature-image

Ýöriteleşdirilen dolandyryş ulgamy

Birlik, üpjün edijiler üçin sargytlary, müşderileri, işgärleri we harytlary bir panelden dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ähli sargytlar real wagtda kabul edilýär we olaryň ýagdaýy doly gözegçilik astynda saklanýar. Integrirlenen logistika ulgamy arkaly sürüjiler kartada marşrutlary görüp, eltip bermek prosesini has tiz we tertipli ýerine ýetirýär. Şeýlelik bilen, gündelik iş prosesi ýeňilleşýär we umumy netijelilik ýokarlanýar.

content-image

Köp soralýan soraglar

Sizi gyzyklandyrýan esasy soraglara gysgaça jogaplar.

  • Birlik näme?

    Birlik — üpjün edijiler bilen alyjylary gönümel birleşdirýän B2B sanly platformadyr. Ulgam arkaly harytlar eýeleri tarapyndan görkezilýär, bahalara üçünji tarap garyşmaýar, sargytlar ýerleşdirilýär we ähli proses sanly görnüşde dolandyrylýar.

  • Birlik kimler üçin niýetlenen?

    Birlik iki tarap üçin döredilen:
    • Alyjylar (marketler, dükanlar, restoranlar, kafeler, oteller we beýleki lomaý alyjylar)
    • Üpjün edijiler (önüm öndürijiler, resmi dilerler, distribýutorlar)

  • Birlikde hasaba alyş nähili amala aşyrylýar?

    Ulgama goşulmak üçin:
    1. Birlik programmasyny App Storedan ýa-da Play Storedan ýükläň
    2. Registrasiýa - hasaba alyş formasyny dolduryň
    3. Maglumatlaryňyz barlanýar we operatorlar tarapyndan siziň bilen habarlaşylýar
    4. Tassyklamadan soň ulgamdan doly peýdalanmaga başlap bilersiňiz

  • Alyjylar Birlik arkaly näme edip bilýär?

    • Dürli üpjün edijilerden harytlary bir ýerde görmek
    • Bir wagtda birnäçe üpjün edijiden sargyt etmek
    • Öňki sargytlary gaýtalamak
    • Çykdajylar we sargytlar boýunça hasabat almak
    • Halan harytlaryňy bellemek

  • Üpjün edijiler Birlik arkaly näme edip bilýär?

    • Harytlaryny ýerleşdirmek we dolandyrmak
    • Täze müşderilere çykmak
    • Sargytlary kabul etmek we ýagdaýyny dolandyrmak
    • Satuwlar boýunça analitika görmek
    • Eltip bermek prosesini kartaly ulgam arkaly dolandyrmak

  • Birlikde sargyt prosesi nähili işleýär?

    Alyjy harytlary saýlaýar we sargyt edýär. Sargyt awtomatiki degişli üpjün edijilere iberilýär. Üpjün ediji sargydy kabul edýär we taýýarlap, eltip berýär.

  • Birlik eltip bermek hyzmatyny üpjün edýärmi?

    Ýok. Eltip bermek hyzmaty üpjün edijiniň jogapkärçiligindedir. Emma Birlik Hyzmat arkaly sürüjiler üçin marşrutlar kartada görkezilýär we logistika prosesi ýeňilleşdirilýär.

  • Birlikde kimler haryt goşup bilýär?

    Diňe resmi üpjün edijiler, öndürijiler ýa-da olaryň dilerleri. Ulgamda hasaba alyş üçin degişli resminamalar talap edilýär.

  • Bahalary kim kesgitleýär?

    Bahalary üpjün edijiler özleri kesgitleýär. Olar dürli görnüşde bahalary goýup bilýär:
    • Adaty baha
    • Lomaý baha
    • Aksiýa / arzanladyş

  • Birlikde diňe öz regionymdaky harytlary görýärinmi?

    Hawa. Ulanyjy diňe öz ýerleşýän regionyna eltip berilýän harytlary görýär. Bu sargyt prosesini has real we netijeli edýär.

  • Birlik mugtmy?

    Hawa. Ulgamdan peýdalanmak üçin töleg alynmaýar.

  • Birlik näme üçin peýdaly?

    • Satyn alyş prosesi tizleşýär
    • Telefon jaňlary arkaly dolandyryş aradan aýrylýar
    • Çykdajylar gözegçilikde saklanýar
    • Täze müşderiler we bazar mümkinçilikleri açylýar
    • Logistika we sargyt prosesi optimizasiýa edilýär